2024-nji ýylda çip satuwyndan gazanylan global girdeji görlüp-eşidilmedik 627,6 milliard dollara ýetdi
2024-nji ýylda ýarymgeçiriji komponentleriň satuwyndan gazanylan global girdeji 19,1 göterim ýokarlanyp, rekord derejä – 627,6 mlrd dollara ýetdi. Bu barada «tmcars.info» internet neşiri «SIA» assosiasiýasynyň maglumatlaryna salgylanyp habar berdi.
«SIA» assosiasiýasynyň maglumatlaryna görä, ösüşiň esasy hereketlendirijisi logiki mikroshemalar we ýat boldy. Bellenilişi ýaly, dördünji çärýekde ösüş ýyllyk hasabynda 17,1 göterim boldy, dekabr aýy bolsa 2023-nji ýylyň degişli aýy bilen deňeşdirilende, 17,1 göterim ösüş görkezdi.Sebitleriň arasynda iň uly ösüş Amerikada hasaba alyndy, bu ýerde girdeji 56,3 göterim, 20 milliard dollara çenli ýokarlandy. Ýaponiýa 4,1 göterim goşdy, Hytaý bolsa, sanksiýalara garamazdan, dekabr görkezijilerini 2,6 göterim, 15,5 milliard dollara çenli artdyrdy. Ýewropada satuw 8,6 göterim azaldy.Iň esasy ösen ugur 212,6 milliard dollar bilen logiki mikroshemalar boldy. Ýat pudagy 78,9 göterim ösüş görkezip, 165,1 milliard dollara ýetdi. Bu, esasan, DRAM (+82,6 göterim) we HBM mikroshemalarynyň ýokary satuwy netijesinde mümkin boldy.«SIA» assosiasiýasynyň bilermenleri 2025-nji ýylda-da ýarymgeçirijileriň satuwyndan gelýän girdejiniň iki belgili ösüş görkezmegini çaklaýar.