2024-nji ýylda dünýä boýunça kosmos işine sarp edilen çykdajylar rekord derejä – 135 milliard dollara ýetdi

2024-nji ýylda dünýä ýurtlarynyň kosmos işlerine sarp eden çykdajylary rekord derejä – 135 milliard dollara ýetdi. Bu barada «Novaspace» maslahat beriş kompaniýasynyň geçiren seljermelerine salgylanyp, «SpaceNews» neşiri habar berdi.

Neşiriň maglumatlaryna görä, 2024-nji ýylda dünýä ýurtlary kosmos işleri üçin 135 milliard dollar sarp edipdir. Bu görkeziji 2023-nji ýyl bilen deňeşdirilende 10 göterim köpdür. Esasy ösüş goranyş maksatly kosmos pudagynda gazanylypdyr, bu ugra gönükdirilen maýa goýumlary 73 milliard dollara ýetipdir.
Kosmos işleri boýunça edilen çykdajylaryň 59 göterimi ABŞ-a degişlidir. Ondan soňra, ikinji orunda Hytaý, üçünji orunda Ýaponiýa, dördünji orunda Russiýa, bäşinji orunda bolsa Fransiýa bar.