2024-nji ýylda dünýäde planşet satuwy 9 göterim artyp, 147,6 million birlige ýetdi

2024-nji ýylda dünýäde planşet satuwy 9 göterim artyp, 147,6 million birlige ýetdi. Bu barada «tmcars.info» internet neşiri habar bedi.«Canalys» seljeriş kompaniýasynyň maglumatlaryna görä, «Apple» 2024-nji ýylda 56,9 million planşet satdy we bu dünýä bazarynyň 38,6 göterimini emele getirdi.«Samsung» 27,8 million satuw we 18,8 göterim paý bilen ikinji ýeri eýeledi. «Huawei» 10,74 million planşet iberip, bazaryň 7,3 göterim paýyny aldy. «Lenovo» 10,42 million enjam iberip, 7,1 göterim paýa eýe boldy. «Xiaomi» 9,2 million planşet satmak bilen, paýy 6,2 göterim bolup, ilkinji bäşligi jemledi.«Xiaomi» kompaniýasynyň ösüşi aýratyn-da göze ilýär, kompaniýa geçen ýyl iň täsirli ösüşini 73,1 göterime ýetirdi. Bu oňa «Amazon» we «Fire» planşetlerini ilkinji bäş planşet öndürijisiniň hataryndan gysyp çykarmaga mümkinçilik berdi.«Canalys» seljeriş kompaniýasynyň seljerijileri dünýäniň kompýuter bazarynyň täzeleniş sikliniň planşetlere bolan islege oňyn täsir edendigini bellediler. Bu enjamlara korporatiw isleg 2025-nji ýylda artar, ahyrky sarp edijilere iberilmegi bolsa azalar diýlip garaşylýar.

Ответить