2025-nji ýylda Panama kanalynyň girdejisi 5 milliard dollardan geçip biler

Şu ýyl Panama kanalynyň girdejisi dowamly gurakçylykdan soň hereket ýygjamlygynyň dikelmegi netijesinde 5 milliard ABŞ dollaryndan geçip biler. Bu barada «RIA Nowosti» bilen söhbetdeşlikde kanalyň operasion wise-prezidenti Boris Moreno aýtdy diýip, «tmcars.info» internet neşiri ýazýar.
«Geçen ýyl biz 5 milliard dollardan birneme az gazandyk. Şu ýyl onuň birneme köp bolmagy meýilleşdirilýär, sebäbi biz köllerde suwuň ýetmezçilik etmeginden saplandyk. Şu ýyl kölleriň suwy bol we bu bize ulanylyş kuwwatynyň ýeterlik derejesinde ähli gämileri geçirmäge mümkinçilik berer, biz şu ýyl girdejiniň 5 milliard dollardan gowrak bolmagyna garaşýarys» – diýip, Moreno belledi.Onuň aýtmagyna görä, kanal arkaly esasy hereket ABŞ-nyň (75%), Hytaýyň, Günorta Koreýanyň we Çiliniň paýyna düşýär. Şol bir wagtyň özünde milli flot bu akyma gatnaşmaýar diýen ýaly, konteýner gatnadyjy gämileriň aglabasy dürli kompaniýalara degişlidir.Belläp geçsek, 2024-nji ýylyň 30-njy sentýabrynda tamamlanan maliýe ýylynda Panama kanaly boýunça tranzit gämileriniň sany 2023-nji ýylyň degişli döwründäki 12 638 tranzit gämisi bilen deňeşdirilende, 29% azaldy. Bu nawigasiýany çäklendiren dowamly gurak möwsüm we güýçli gurakçylyk bilen baglanyşykly boldy.