Selena Gomez 1,3 milliard dollar baýlygy bilen milliarderleriň sanawyna goşuldy

32 ýaşly meşhur Amerikaly aktrisa we aýdymçy Selena Gomez 1,3 milliard dollar baýlygy bilen milliarderleriň sanawyna goşuldy.

“Bloomberg” neşiriniň habaryna görä, 32 ýaşyndaky türk aktrisasy, aýdymçy, maýa goýujy we telekeçi Selena Gomez  ABŞ-da iň ýaş özbaşdak milliarderleriň birine öwrüldi we onuň baýlygy 1,3 milliard dollar diýlip çaklanyldy.

Selena Gomeziň  aktrisa we aýdym-saz kärindäki üstünlikleri onuň baýlygynyň az bölegini tutýar. Baýlygy esasan, mundan 5 ýyl ozal esaslandyran we 1 milliard dollardan gowrak paýnamasyna eýe bolan “Rare Beauty” atly seýrek gözellik serişdeleri kompaniýasyndan gelýär.

Ol sosial mediýada 12 aýyň dowamynda ýagny, şu ýylyň fewral aýyna çenli 400 million dollar girdeji gazandy.

Şeýle hem Gomeziň “Rare Beauty” atly seýrek gözellik serişdeleri kompaniýasy üçin maýadarlara ýüz tutup, onuň üçin 2 milliard dollar möçberinde baha kesmek isleýändigi aýdylýar.

Beýleki tarapdan, meşhur aýdymçy Louis Vuitton, “Coach” we “Puma” ýaly kompaniýalar bilen hemaýatkärlik şertnamalaryndan onlarça million dollar gazandy.

BBC-niň habarlaryna görä, ýaňy-ýakynda bäşinji möwsüm üçin täzeden surata düşürilip başlanan “Only Murders in the Building” teleserialynyň ýyldyzy hökmünde azyndan 6 million dollar gazanýar.

Ответить