«Google» bilen «Meta» öz biznesine emeli aňyň howp salýandygyny duýdurdy

«Google» kompaniýasy bilen «Meta» kompaniýasy emeli aňdan peýdalanmagyň howplydygy barada duýduryş berdiler. Bu barada olaryň ABŞ-nyň gymmatly kagyzlar we birža komissiýasy üçin niýetlenilen maliýe hasabatlarynda görkezilendigini «Business Insider» neşiri habar berdi.

         «Emeli aňyň ösdürilmegi we durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşykly çynlakaý howplar bar we emeli aňyň ulanylmagy onuň önümlerimiziň ýa-da hyzmatlarymyzyň hilini gowulandyrjakgyna hem-de biznesimiz üçin netijeli we girdejili boljakdygyna kepil geçip bilmez» – diýip «Meta» kompaniýasy hasabatynda belleýär.

         «Google» kompaniýasy eýesi Alphabet emeli aň önümleriniň we hyzmatlarynyň markalara we talaplara ýaramaz täsir edip biljekdigi üçin ahlaky, tehnologiki we hukuk meselelerini gozgaýandygyny aýtdy.

         Esasy aladalar ýalňyş maglumatlar, awtorlyk hukuklarynyň bozulmagy, zyýanly işler we döredijilikli emeli aňyň döredip biljek howpsuzlyk töwekgelçiligi bilen baglanyşyklydyr.

         «Meta», «Microsoft» we «Oracle» kompaniýalary öz hasabatlarynyň howp amallary bölüminde emeli aňy görkezdi.

         Şeýlelikde, «Microsoft» kompaniýasy döredijilikli emeli aňyň ösen hüjümçileriň howpsuzlyk töwekgelçiligine gowşakdygyny nygtady.

         «Meta» kompaniýasy bolsa emeli aňyň nädogry we zyýanly maglumatlary  ýaýratmak, şahsy durmuşy we intellektual eýeçiligi bozmak mümkinçiligini görkezdi.

Ответить