Şu gün Aşgabatda  XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşyjy türkmen türgenlerini ugratmak dabarasy geçirildi

Şu gün – 2024-nji ýylyň 22-nji iýulynda Aşgabatda XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşyjy türkmen türgenlerini ugratmak dabarasy geçirildi. Bu barada «Ata Watan Türkmenistan» halkara žurnalynyň «atavatan-turkmenistan.com» web saýtynda habar berildi.

         Maglumatlara görä, giň sport jemgyýetçiliginiň köp sanly wekilleri – Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň, Milli olimpiýa we Paralimpiýa komitetleriniň, sport federasiýalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, ýurdumyzyň olimpiýa wekiliýetiniň – ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlary Türkmenistanyň Olimpiýa wekiliýetini şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar. Wekiliýetiň düzümine 19 adam, şol sanda sportuň dört görnüşi – dzýudo, agyr atletika, suwda ýüzmek we ýeňil atletika boýunça çykyş edýän 6 türgen girýär.

         Ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Pariž şäherinde geçirilýän Olimpiada-2024-e gatnaşýan türkmen türgenlerine iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler. Döwlet Baştutanymyz türgenleri XXXIII Tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmaklary bilen tüýs ýürekden gutlap, olaryň öňde boljak dünýä sport baýramçylygynda Türkmenistanyň Döwlet baýdagyny belentde parlatjakdyklaryna ynam bildirdi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň agzalaryna iberen Gutlagy «Türkmenistan» gazetiniň 2024-nji ýylyň 22-nji iýulynda, duşenbe güni neşir edilen  № 185 (31120) sanynyň 1-nji sahypasynda okyjylar köpçüligine ýetirildi.

Ответить