Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky gatnaşyklar ara alnyp maslahatlaşyldy

Şu gün – 2024-nji ýylyň 9-njy awgustynda Gazagystan Respublikasynyň paýtagty Astanada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşdy. Bu barada Özbegistan Respublikasynyň Prezidebtiniň resmi web saýtynda habar berildi.

Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasynda dostlugy, hoşniýetli goňşuçylyk we strategiki hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şu ýylyň iýul aýynda Daşkentde bolup geçen hökümetara toparynyň we telekeçiler geňeşiniň nobatdaky mejlisleriniň, şeýle hem Türkmenistanyň önümleriniň sergisiniň netijeleri kanagatlanma bilen bellenildi.

Özara söwdanyň möçberini ýokarlandyrmaga we ykdysadyýetiň ileri tutulýan pudaklarynda, şol sanda senagat, energiýa, oba hojalygy we ulag ugurlarynda hyzmatdaşlyk taslamalaryny ösdürmäge aýratyn üns berildi.

Sebitara gatnaşyklary giňeltmegiň we medeni-ynsanperwer ugurlaryndaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň ähmiýeti bellendi.

Sebitiň gün tertibindäki meseleler boýunça hem pikir alyşyldy.

Ответить