Özbegistan 7 aýda 55 ýurda dokma önümlerini eksport etdi

“Biznes reklama” gazetiniň şu günki sanynda habar bermegine görä, Özbegistan şu ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda 55 ýurda dokma önümlerini eksport etdi.

Ýurduň Statistika agentliginiň habar bermegine görä, hasabat döwründe Özbegistanyň daşary ýurtlara eksport eden dokma önümleriniň umumy bahasy 1,8 milliard amerikan dollaryna deň boldy. Şonuň 813,4 million ýüplük, nah we sapak önümleriniň, 684,9 milliony taýýar dokma önümleriniň hem-de 169,3 milliony bolsa trikotaž matalaryň paýyna düşýär.

Ýeri gelende bellesek, degişli döwürde Özbegistanyň eksportynda dokma önümleriniň paýy 12 göterime barabar boldy.

Ответить