ABŞ-nyň çip fabriginiň gurluşygy Taýwandaky gurluşykdan iki esse gymmat düşýär

ABŞ-da çip öndürýän fabrikany gurmak üçin Taýwandaky gurluşykdan iki esse köp wagt we serişde gerek bolýar. Bu barada «tmcars.info» internet neşirinde habar berildi.
Maglumatlara görä, munuň sebäbi has ýokary çykdajylar we üpjünçilik zynjyry bilen baglanyşykly kynçylyklardyr.2025-nji ýylda 18 sany täze fabrikanyň gurluşygy başlanýar we olaryň bahasy hem gurluşyk möhleti dürli ýurtlarda düýpgöter tapawutlanýar. ABŞ-da gurluşyk 38 aýa çenli dowam edýär, Taýwanda bolsa bu bary-ýogy 19-20 aý wagt alýar.Bilermen Gerbert Blaşisiň maglumatlaryna görä, her bir taslama üçin 20 mlrd dollardan gowrak serişde gerek bolup, şolardan 4-6 mlrd dollary gurluşygyň özüne sarp edilýär. Taýwanda üpjünçilik zynjyrynyň netijeliligi sebäpli gurluşyk tas iki esse arzan bolýar we çalt bolup geçýär.ABŞ-da kynçylyklar prosesleriň çylşyrymlylygy we taslama bolan talaplar sebäpli ýüze çykýar. Blaşis Taýwanda gurluşyk prosesiniň çalt bolýandygyny, sebäbi ýerli kompaniýalaryň tejribesiniň bardygyny belledi.