Abu Dabiniň «ADQ» gaznasy metal we magdançylyk pudagyna 1,2 milliard dollar maýa goýar

«tr.investing.com» internet neşiriniň habar bermegine görä, Abu Dabiniň özygtyýarly baýlyk gaznasy bolan «ADQ» ýakyn dört ýylda metallara we magdançylyk pudagyna 1,2 milliard dollar maýa goýmagy meýilleşdirýändigini mälim etdi. Bu ädim, emirligiň möhüm minerallar bilen üpjün edilmegi üçin has giňişleýin tagallalarynyň bir bölegidir.

Düýbi Nýu-Ýorkda ýerleşýän «Orion Resource Partners» kompaniýasy bilen şärikdeşlikde işe girişen «ADQ» gaznasy magdançylyk kompaniýalaryna maýa goýar.

Penşenbe güni neşir edilen maglumata görä, maýa goýum, paýnama, karz we aýlyk haklary ýaly önümçilik bilen baglanyşykly gurallary goşmak bilen dürli maliýe gurallary arkaly amala aşyrylar

«ADQ» gaznasynyň we «Orion Resource Partners» kompaniýasynyň arasynda deň bölünen şärikdeş iş, ýagny bilelikdäki kärhana, emirligiň maliýe merkezi Abu Dabi Global Market (ADGM) merkezinde ýerleşer.

Ответить