«Adidas AG» kompaniýasy 5 milliard 970 million ýewro girdeji gazandy

Germaniýanyň sport eginbaşlaryny öndürýän «Adidas AG» kompaniýasy 2024-nji ýylyň soňky çärýeginde düşewüntini 24 göterim artdyryp, 5 milliard 970 million ýewro girdeji gazandy. Bu barada «interfax.ru» internet neşiri habar berdi.

Geçen ýylyň jemi boýunça bolsa «Adidas» kompaniýasynyň girdejisi 23,7 milliard ýewro, arasssa peýdasy bolsa 2023-nji ýyl bilen deňäniňde, bäş esse artyp, 1,3 milliard ýewro barabar boldy.

Bu üýtgeşmeler, ilkinji nobatda, «Adidas» kompaniýasynyň paýnamalarynyň 6,5 göterim gymmatlamagy bilen baglanyşyklydyr. Girdejiniň artmagynyň ýene-de bir düýpli sebäbi kompaniýanyň Kanýe West bilen jedeliniň tamamlanmagydyr. Netijede, kompaniýa West bilen bilelikde öndüren «Yeezy» aýakgaplarynyň önümçiligini ýatyrdy.

Ответить