«Ak Bulut» bazardaky ornuny pugtalandyrmagy, eksportdaky paýyny artdyrmagy meýilleşdirýär

«Ak Bulut» hojalyk jemgyýeti önümçiligini has-da giňeltmegi, bazardaky ornuny pugtalandyrmagy we eksportdaky paýyny artdyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada «Rysgal» gazetiniň şu günki – 2025-nji ýylyň 13-nji ýanwaryndaky №2 (749) belgili sanynyň 5-nji sahypasynda neşir edilen ««Ak buludyň» ýeňişli menzilleri» atly makalada habar berildi.
Taryha giren «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly «Ak Bulut» hojalyk jemgyýeti üçin täze üstünlikleriň we ähmiýetli netijeleriň ýyly boldy. Ozal ýokary hilli asma potoloklarydyr profil ulgamlaryny, gipsokarton önümlerini, gury gurluşyk garyndylaryny öndürmäge ýöriteleşen kärhana önümçiliginiň gerimini has-da giňeltdi.
Täze önümçilige başlamagy «Ak Bulut» hojalyk jemgyýetiniň 2024-nji ýyldaky uly üstünlikleriniň biri boldy. Kärhanada bezeg üçin niýetlenen metal asma potoloklaryň önümçiligi ýola goýuldy. Munuň özi netijeli işi bilen tapawutlanýan hojalyk jemgyýetiniň içerki bezeg üçin hödürleýän çözgütleriniň gerimini giňeltmegine we döwrebap serişdeleriň bazaryndaky ornuny pugtalandyrmagyna mümkinçilik berdi.
Kärhananyň «Baffle» asma potoloklary gysga döwrüň içinde müşderileriň uly islegine eýe boldy. Metal asma potoloklaryň täze görnüşi dikligine ýerleşdirilen ýeňil modul panellerden ybaratdyr. Binagärler we dizaýnerler öz taslamalary üçin asma potoloklaryň şu görnüşini saýlaýarlar. Çünki asma potoloklaryň «Baffle» görnüşi ses siňdirijiligi bilen tapawutlanýar. Ol ekologiýa taýdan arassa bolup, dürli şertlere çydamlylyk aýratynlyklaryny utgaşdyrýar.
Bu ýerde öndürilip ugralan «Lamel» asma potoloklary bolsa estetiki özüne çekijiligi we amatlylygy utgaşdyryp, interýer bezegleri üçin döwrebap we ajaýyp çözgütdir. Ol alýumin we metaldan öndürilýän aýratyn tekiz serişdelerden ýasalýar. «Mesh» ady bilen hödürlenýän asma potoloklar hem ses siňdirijilik, çydamlylyk we estetika aýratynlyklaryny bir ýerde jemleýän innowasion görnüşdir. Ol özboluşly şekil döredýän we amatly ses aýratynlygyny üpjün edýän deşikli metal panellerden ybaratdyr.
«Ak Bulut» hojalyk jemgyýeti 2024-nji ýylda ozalky önümleriniň — gipsokartonyň, gury gurluşyk garyndylarynyň, asma potoloklaryň we profil ulgamlarynyň önümçiligini hem yzygiderli artdyrdy. Munuň özi bu önümlere islegiň uludygyny görkezýär. Şunlukda, «Ak Bulut» hojalyk jemgyýeti içerki bazardaky ornuny pugtalandyrmagyny, üpjünçilik geografiýasyny giňeltmegini dowam etdirdi.
Tamamlanan ýylda Aşgabatda we daşary ýurtlarda guralan halkara sergilerdir forumlar türkmen hususyýetçileriniň öňünde möhüm mümkinçilikleri açdy. «Ak Bulut» hojalyk jemgyýeti Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy hökmünde şol ähmiýetli çärelere işjeň gatnaşdy.
«Ak Bulut» hojalyk jemgyýeti önümlerini goňşy ýurtlara ýollamak bilen eksport ugruny işjeň ösdürmegi dowam etdirdi. Şu ýyl Gruziýa, Ermenistana we Gyrgyzystana wekilçilik edýän taraplar bilen täze hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ýola goýuldy. Bahalaryň amatlylygy bu önümleriň hyrydarlygyny artdyrdy.
Mahlasy, «Ak Bulut» hojalyk jemgyýetiniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ägirt uly meýilnamalaryň birnäçesini üstünlikli durmuşa geçirmegi başarandygyny ynamly aýdyp bileris. Innowasion çemeleşmesi we kämillige ymtylyşy bu kärhanany şeýle ajaýyp netijelere ýetirdi.
Bu hojalyk jemgyýeti geljege ynamly garaýar. Munuň özi «Ak Buludyň» 2025-nji ýylda hem netijeli ädimlerini dowam etdirjekdigini tassyklaýar. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň türkmen senagatçylarydyr telekeçileri üçin döredip berýän giň şert-mümkinçilikleri türkmen hususyýetçileriniň has-da netijeli işlemegi üçin badalgadyr. «Ak Bulut» hem şol mümkinçiliklerden peýdalanyp, önümçiligini has-da giňeltmegi, bazardaky ornuny pugtalandyrmagy we eksportdaky paýyny artdyrmagy meýilleşdirýär. Bu kärhana jaýlary gurmak hem-de onuň içini bezemek üçin ýokary hilli önümleri we kämil çözgütleri hödürlemek bilen, gurluşyk serişdeleriniň bazarynda müşderileriň ygtybarly hyzmatdaşyna öwrülmek üçin ynamly öňe barýar.