«Ak gaýa» gurluşyk serişdeleri dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply önüm

«Ak gaýa» hojalyk jemgyýetiniň gurluşyk serişdeleri Russiýa Federasiýasyna, Gruziýa, Ermenistana, Gazagystana hem-de Azerbaýjana eksport edilýär. Munuň özi bolsa, bu hususy kärhananyň gurluşyk serişdeleriniň dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply önümdigini tassyklaýar.
Täze öndürip başlan önümleri «Ak gaýa» hojalyk jemgyýetiniň 2025-nji ýyly has uly üstünlikler bilen bezejekdiginiň nyşanyna öwrüldi. Hojalyk jemgyýetiniň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň Akdaş şäherçesiniň golaýynda ýerleşýän we gurluşyk serişdeleriniň önümçiligini alyp barýan kärhanasynda öndürilip başlanan profiller hem-de 60×60 ölçegdäki potoloklar ýokary hili bilen tapawutlanýar.

Bu ýerde sinklenen demirden taýýarlanýan şeýle profilleriň 4 görnüşi öndürilýär. Şolaryň biri «çüňk profilleri» diýlip atlandyrylyp, diwarlaryň çüňkleriniň, olaryň gapylary goýmak üçin niýetlenen açyk bölekleriniň erňekleriniň göni, takyk hem ykjam bolmagyny gazanmakda möhüm wezipäni ýerine ýetirýär. Mundan başga-da, bu ýerde alçipan we asma potoloklar üçin niýetlenen «C» hem-de «U» görnüşli profilleriň önümçiligi ýola goýuldy. 60×60 ölçegdäki potoloklar üçin niýetlenen «T» görnüşli profiller bolsa munuň üstüni ýetirýär. Bu barada «Rysgal» gazetiniň şu günki – 2025-nji ýylyň 13-nji ýanwaryndaky №2 (749) belgili sanynyň 5-nji sahypasynda neşir edilen ««Ak gaýanyň» täze önümleri» atly makalada habar berildi.
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Ak gaýa» hojalyk jemgyýetiniň önümçilik kärhanasynda täze öndürilip başlanan 60×60 ölçegdäki potoloklar edara-kärhanalaryň binalarynda, ofislerde hem-de bilim edaralarynda giňden ulanylýar. Şeýle potoloklar kärhanada öndürilen alçipanyň ýüzüne hem-de arka tarapyna degişli serişdeleriň ýelmenmegi esasynda taýýarlanylýar.
Täze önümçilikleri ýola goýmak üçin «Ak gaýa» hojalyk jemgyýetiniň önümçilik kärhanasynda Türkiýe Respublikasyndan getirilen döwrebap tehnologiýalaryň ornaşdyrylandygyny bellemelidiris. Bu ýerde iş ugurlarynyň giňeldilmegi ýurdumyzyň gündogar sebitiniň ýaşaýjylary üçin iş orunlarynyň döredilmeginde hem ähmiýetli boldy.
Ýeri gelende bellesek, häzirki zaman kärhanasynyň kuwwatlylygy her ýylda binalaryňdyr desgalaryň içki diwarlaryny tekizlemek hem ýylmamak üçin niýetlenen gurluşyk garyndy serişdeleriniň 78 müň tonnasyny, gipsokarton önümleriniň bolsa 8 million inedördül metre barabar möçberini öndürmäge mümkinçilik döredýär. Önümçilik üçin zerur bolan çig malyň uly böleginiň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň Akdaş şäherçesiniň golaýyndaky tebigy känlerden alynmagy «Ak gaýa» hojalyk jemgyýetiniň önümçilik kärhanasynda işleriň sazlaşykly alnyp barylmagynyň möhüm bölegi bolup durýar. Kärhananyň ýokary hilli önümlerine diňe ýurdumyzda däl, eýsem, daşary döwletlerde hem uly isleg bildirilýär. Şeýlelikde, kärhanada taýýarlanýan gurluşyk serişdeleri Russiýa Federasiýasyna, Gruziýa, Ermenistana, Gazagystana hem-de Azerbaýjana eksport edilýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň senagatçylardyr telekeçileriň netijeli işlemegi üçin döredip berýän şert-mümkinçiliklerinden ýerlikli peýdalanýan «Ak gaýa» hojalyk jemgyýetiniň gurluşyk serişdelerini öndürýän kärhanasynyň agzybir hünärmenleri işleri has-da kämilleşdirmek ugrunda yhlaslaryny gaýgyrman zähmet çekýärler. Bize bolsa 2025-nji ýyly täze önümleriň önümçiligi bilen başlan kärhanada işleriň has-da uly üstünliklere beslenmegini arzuw edäýmek galýar.