
«Älem gämisi» çipsi önümlerini goňşy döwletlere eksport etmegi meýilleşdirýär

«Älem gämisi» hususy kärhanasy içerki bazarda hyrydarlygy ýokary bolan çipsi önümlerini goňşy döwletlere eksport etmek boýunça degişli işleri alyp barýar. Bu barada «Rysgal» gazetiniň şu günki – 2025-nji ýylyň 27-nji ýanwaryndaky №4 (751) belgili sanynyň 4-nji sahypasynda çap edilen «Hyrydarlygy ýokary önümler» atly makalada habar berildi.
Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde ýerleşýän, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Älem gämisi» hususy kärhanasynda täze ýylyň ilkinji aýynda zähmet öndürijiligi ýokary depginde saklanmak bilen, arzyly sepgitlere ýetilýär. Munuň özi kärhanada işleriň sazlaşykly we göwnejaý ýola goýlandygyny, guramaçylykly alnyp barylýandygyny tassyklaýar.
Ilkinji nobatda, kärhana döwlet tarapyndan bölünip berlen ýer böleginde önümçilik desgasynyň ýerleşýändigini, oňa Niderlandlaryň kämil tehnologiýaly enjamlarynyň ornaşdyrylandygyny bellemek gerek. Işgär sany umumylykda 50-ä golaýlaýan kärhanada ýeralma önümi bolan çipsileriň 6 görnüşi öndürilip, olar ýokary hili, şol sanda tagamlylygy bilen tapawutlanýar. Taýýar önümler gelşikli gaplara gaplanyp, ýurdumyzyň söwda nokatlaryna ýollanylýar.
«Älem gämisi» hususy kärhanasynyň hünärmenleri bir gezek dadyp göreniň ýadyndan çykmaýan lezzetli tagamy taýýarlamakda zerur bolan çig malyň ekologiýa taýdan arassa we tebigy bolmagyna aýratyn üns berýärler. Şunuň bilen baglylykda, Ahal welaýatynyň Kaka we Ak bugdaý etraplarynyň çäginde döwlet tarapyndan bölünip berlen 116 gektar ýer böleginde kärhananyň işgärleri ýeralmanyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirýärler. Agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda göwnejaý ideg edilmegi netijesinde, bu ekinden her ýylda bol we bitginli hasyl ýygnalyp alynýar.
Häzirki wagtda-da hususy kärhananyň daýhançylyk tejribesi ýeterlik bolan işgärleri tarapyndan ýeralmanyň täze hasylyny ekmek boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär. Ýazky möwsüme ykjam taýýarlygyň barşynda ýerleri ekişe taýýarlamak, ýeralma tohumyny saýlamak işleri durmuşa geçirilýär. Şeýle hem hususy kärhananyň hünärmenleri içerki bazarda hyrydarlygy ýokary bolan önümleri — çipsileri goňşy döwletlere eksport etmek boýunça degişli işleri alyp barýarlar.



