«Alibaba Group Holding» kompaniýasynyň paýnamalary rekord derejede gymmatlady

Geçen hepdäniň çarşenbe güni «Alibaba Group Holding» kompaniýasynyň paýnamalary soňky iki ýyldan bäri rekord derejede gymmatlady. Bu üýtgeşmäniň sebäbi kompaniýanyň «Apple» korporasiýasy bilen gatnaşyklarynyň has ýokary derejede ýola goýulmagy bilen baglanyşyklydyr. Bu barada «turkmenmetbugat.gov.tm» web sahypasynyň «Biznes reklama gazeti» elektron neşirinde şu gün çap edilen «Rekord derejede gymmatlady» atly makalada habar berildi.

«Apple» «Alibaba» kompaniýasy bilen taýýarlan «Apple Intelligency» funksiýasyny smartfonlarynda enjamlaşdyrmak üçin Hytaýyň hökümetine ýüz tutdy diýip, «The Wall Street Journal» žurnaly habar çeşmesine salgylanyp ýazýar.Görkezilen senede «Alibaba» kompaniýasynyň paýnamalary 8,5 göterim gymmatlady.Ýeri gelende bellesek, «Alibaba» dünýäde iň meşhur onlaýn satuw bazarydyr. Kompaniýanyň häzirki wagtda kapitaly 937 milliard ýuandan gowrakdyr.

Ответить