«Altyn bürgüt» içerki bazardan artýan pomidor hasylynyň daşary döwletlere eksportyny ýola goýdy

«Altyn bürgüt» hususy kärhanasyny bol pomidor hasylynyň içerki bazardan artýan böleginiň daşary döwletlere eksportyny ýola goýdy. Bu barada «Rysgal» gazetiniň şu günki – 2025-nji ýylyň 27-nji ýanwaryndaky №4 (751) belgili sanynyň 4-nji sahypasynda çap edilen  «Köpugurly kärhana» atly makalada habar berildi.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Altyn bürgüt» hususy kärhanasy Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde döwletimiz tarapyndan bölünip berlen ýer böleginiň 10 gektaryny döwrebap ýyladyşhana toplumy eýeleýär. Toplumda häzirki wagtda ýaşlaryň ýüzlerçesi zähmet çekip, olar pomidoryň bol we bitginli hasylyny ösdürip ýetişdirýärler. Bu babatda ýyladyşhana toplumynda ähli şertler döredilip, ýagtylyk, ýylylyk sazlamalary, dökünleme, suwaryş işleri awtomatik usullar arkaly ýerine ýetirilýär. Munuň özi ekiniň hasyllylygyny ýokarlandyrmaga, şeýle-de suwy örän tygşytly peýdalanmaga ýardam edýär. Netijede, ekologiýa taýdan arassa hem-de tebigy pomidor önümleri içerki sarp edijilere ýetirilýär. Mundan başga-da, bol hasylyň içerki bazardan artýan böleginiň daşary döwletlere eksporty ýola goýlupdyr.

Ýeri gelende aýtsak, «Altyn bürgüt» hususy kärhanasynda önümçilik polipropilen haltalaryny öndürmäge gönükdirilen önümhana hem hereket edýär. Häzirki wagtda bu ýerde işler göwnejaý ýerine ýetirilýär. Ýokary hil derejesine eýe bolan taýýar önümler Russiýa Federasiýasyna, şeýle-de Gazagystan Respublikasyna ugradylýar. Munuň özi Türkmenistanda öndürilýän azyk we senagat önümleriniň daşarky bazarda uly islegden peýdalanýandygyna aýdyň subutnamadyr.

Ответить