«Altyn şöhle» Türkmenistanyň bazar bolçulygyna saldamly goşant goşýar

«Altyn şöhle» Türkmenistanyň bazar bolçulygyna saldamly goşant goşýar. Bu barada «turkmenmetbugat.gov.tm» elektron neşirinde şu gün çap edilen «Hyrydarly önümler» atly makalada habar berildi.
Mary şäherinde ýerleşýän «Altyn şöhle» haryt nyşanly konditer önümlerini öndürýän kärhana ýurdumyzda bazar bolçulygynyň has-da berkidilmegine saldamly goşant goşýanlaryň biridir. Bu kärhana zähmetsöýer işçi-hünärmenleriniň zehin-yhlasy netijesinde dürli görnüşli azyk we sowgatlyk önümleri bilen bazarlarymyzy we söwda nokatlaryny yzygiderli üpjün edýär.
Kärhananyň häzirki zaman tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan önümçilik toplumynyň ýyllyk kuwwaty 2 müň tonna önüm öndürmäge niýetlenendir. Bu ýerde 60-dan gowrak hünärmen zähmet çekýär. Şolaryň aglabasynyň ýaşlar bolmagy buýsandyryjydyr. Öz işine ussat hünärmenler bu ýerde ornaşdyrylan Türkiýäniň we Hytaý Halk Respublikasynyň döwrebap enjamlaryna başarjaňlyk bilen erk edip, süýjülikleriň 20-den gowrak görnüşini öndürýärler. Şolaryň hatarynda şokoladyň 10, süýjüleriň 5 görnüşi, şeýle-de alma, ýertudana tagamly süýjülikler, iris süýjüleri we beýlekiler bar. Bu önümler «Nesip», «Şowly», «Şatlykly gün», «Siziň üçin» diýen atlar bilen alyjylara hödürlenilýär.