Altynyň bahasy bir unsiýa üçin 2,9 müň dollardan geçdi

2025-nji ýylyň 5-nji fewralynda biržada altynyň bahasy taryhy görkezijini täzeledi, ol bir troý unsiýa üçin 2,9 müň dollardan geçdi. Muny söwda maglumatlary delillendirýär diýip, «TASS» agentliginiň habar berendigini «tmcars.info» web saýty ýazýar.

Aşgabat wagty bilen sagat 15:49-a çenli ýagdaýa görä, Nýu-Ýorkuň «Comex» biržasynda altyn üçin aprel fýuçersiniň bahasy geçenki söwda bilen deňeşdirilende, 0,71 göterim ýokarlanyp, bir unsiýa üçin 2 896,1 dollara ýetdi. Bary-ýogy birnäçe minut öň baha rekord 2 901,5 dollara (+0,89 göterim) ýetipdi.Geçen gezek bahanyň iň ýokary derejesi 2025-nji ýylyň 30-njy ýanwarynda hasaba alyndy. Gymmat bahaly metalyň bahasy bir troý unsiýa üçin 2,85 müň dollara ýetdi. Bir aýyň dowamynda dünýä bazarynda altyn 200 dollardan gowrak gymmatlady.

Ответить