Amangeldi Räkşa, eýranly türkmen şahyry / Gyş (goşgy)

Gyş
(goşgy)
Meňzäp ýerde gonýan akja kepderä,
Gökden ýere ýene rähmet eňip dur.
Meňzäp ýazylmadyk akja depdere,
Garşymyzda dag etegi doňup dur.
Ýitiräk seretsem bir zatlar ýazyp,
Batly ädim bilen ösüpdir şemal.
Kä ýerde dag ýasap kä ýeri gazyp,
Yrsgaldan paý bukup goýmagy ahmal.
Gurtlar arzuw eýläp ýaşja guzyny,
Geçip gidipdirler täze yz bilen.
Boýun alyp gyşyň aýaz buzyny,
Ýene dolanypdyr säher tiz bilen.
Gar astynda galan tüýnükli jaýlar,
Gara turbalardan dem alýan ýaly.
Gara bulut seçýär şekerden paýlar,
Göýä bu jaýlarda toý bolýan ýaly.
Gar astynda galan arçalar welin,
Meňzäp bahar ýazyň kömelegine.
Ýa mysaly ak eşikli bir gelin,
Şatlyk paýlaýandyr töweregine.
Ýer ýüzün doňdursa ýazgarmaň gyşy,
Doňdurmasyn hiç bir zaman ýüregi.
Ak gar bilen alyp müňläp alkyşy,
Ýer ýüzünde ýaşaýanlaň geregi.
Ýöne birzat mende döredýär şatlyk,
Şol jaýlarda okuwçylaň galamy.
Arzuw eýläp ülkämize abatlyk,
Göterýäler meniň göwün galamy.
Gyş pasly çekip dur ençeme surat,
Olary wasp etmek mümkin däl Aman.
Gyşda bardyr hünär hem bardyr gudrat,
Bu ne ajap pasyl ne ajap zaman!
Amangeldi Räkşa,
Eýranly türkmen şahyry.