«American Express» banky Russiýadaky şahamçasyny ýapdy

Amerikanyň «American Express» banky Russiýadaky şahamçasyny ýapdy. Bu barada şu gün  «aniq.uz» web saýty «Kommersant» gazetiniň täzeliklerine salgylanyp, habar berdi.

         Bank Russiýadaky şahamçasynyň ýatyrylmagy babatda degişli rus ýolbaşçylaryna ýüz tutdy. Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin muňa rugsat berýän buýruga bolsa maý aýynda gol çekipdi. Bankyň Moskwadaky wekilhanasy ilkinji gezek 1916-njy ýylda açyldy we 1957-nji ýyldan bäri üznüksiz işleýär.

         2022-nji ýyla çenli Russiýanyň syýahatçylyk pudagynyň takmynan 60 göterimi myhmanhanalardan ýer aýryp goýmak we ulag peteklerini öňünden sargyt etmek üçin «American Express» bankynyň hyzmatlaryndan peýdalandy.

Ответить