«American Express» geçen ýyl 65,95 milliard amerikan dollaryna barabar girdeji gazandy

Amerikanyň plastik kartlary bazaryndaky öňdebaryjylaryndan biri bolan «American Express» («Amex») kompaniýasynyň 2024-nji ýylyň jemi boýunça arassa peýdasy 21 göterim artyp, 10,13 milliard amerikan dollaryna, gazanan girdejisi bolsa 9 göterim ýokarlanyp, 65,95 milliard amerikan dollaryna barabar boldy. Bu barada «interfax.ru» internet neşiri habar berdi.

«Amex» kompaniýasy 2024-nji ýylyň dördünji çärýeginde arassa peýdasyny 12 göterim, girdejisini bolsa 9 göterim artdyrdy.

Geçen ýylyň oktýabr-dekabr aýlarynda bu kompaniýanyň arassa peýdasy 2,14 milliard amerikan dollaryna barabar boldy. Bu görkeziji öňňil 1,9 milliard amerikan dollaryna deň boldy.

«Amex» kompaniýasynyň her paýnamadan alnan girdejisi bolsa 2,62 dollardan 3.04 dollara çenli ýokarlandy. Bu görkeziji «FactSet» tarapyndan geçirilen bilermenleriň seljermesinden, olaryň 3.03 dollar bolar diýen çaklamalaryndan hem ýokarydyr.

Kompaniýanyň geçen çärýekdäki girdejisi bir ýyl ozalky 15,8 milliard dollardan 17,18 milliard dollara çenli ýokarlandy. Hünärmenler ortaça bu görkezijini 17,16 milliard dollar diýip çaklaýarlar.

«Amex» kompaniýasynyň plastik kart hyzmaty üçin çykdajylary geçen ýylyň dördünji çärýeginde 8 göterim ýokarlanyp, 408,4 milliard dollara ýetdi. Plastik kart hyzmatyndan alnan girdejileri bolsa 18 göterim ýokarlandy. Hasabat döwründe kompaniýa müşderilerine 3 million sany täze plastik kart berdi.

«Amex» kompaniýasynyň  geçen ýylyň oktýabr – dekabr aýlarynda karz bergiler üçin ätiýaçlyklardan aýyrylan pul serişdeleri 1,3 milliard dollar boldy. Karz bergiler üçin ätiýaçlyklardan aýyrylan bu pul serişdeleri 2023-nji ýylyň degişli döwründe 1,4 milliard dollardy.

«Amex» kompaniýasynyň  2024-nji ýylyň jemi boýunça arassa peýdasy 21 göterim artyp, 10,13 milliard amerikan dollaryna, gazanan girdejisi bolsa 9 göterim ýokarlanyp, 65,95 milliard amerikan dollaryna barabar boldy.

Kompaniýa şu ýyl üçin her bir paýnamadan 15 – 15,5 dollar aralygynda arassa peýda  we girdejisiniň 8 – 10 göterim ýokarlanmagyna garaşýar. Degişlilikde 8.1 göterim artyş bilen 15,24 dollar girdeji gazanmagy meýilleşdirýär.

Ответить