Amerikaly milliarder Warren Baffet özüne degişli «Apple» paýnamalarynyň ýarysyny satdy

Amerikaly milliarder Warren Baffetiň «Berkshire Hathaway» maliýe holdingi «Apple» kompaniýasyndaky paýnamalarynyň (aksiýalarynyň) ýarysyny diýen ýaly satdy. Holdingiň ygtyýarynda galan paýnamalar (aksiýalar) bukjasynyň bahasy bolsa 84,2 milliard dollardyr. Bu barada «Wall Street Journal» neşri habar berýär.

Bu ýagdaý ikinji çärýekde beýleki gymmatly kagyzlaryň köpçülikleýin satylmagy sebäpli bolup geçdi. Diňe aprel we iýun aýlarynda Berkşir 75,5 milliard dollarlyk paýnamany satyp, nagt ätiýaçlyklaryny 276,94 milliard dollara ýetirdi.

«Wall Street Journal» neşrinde beýan edilişine görä, paýnamalaryň satylmagy we köp mukdarda puluň toplanmagy Baffete oňat girdeji getirjek maýa goýumlarynyň mümkin bolan ugurlaryny tapmagy kynlaşdyrýar. Amerikanyyň fond bazary ösýär:

S&P 500 indeksi 20 ýyllyk ortaça görkezijilerden takmynan 16 esse söwda etdi.

Baffet maý aýynda, Berkşire paýdarlarynyň ýyllyk ýygnagynda «Apple» kompaniýasynyň işine ýokary baha berdi we korporasiýanyň biznesiniň «American Express» we «Coca-Cola» kompaniýalaryndan has gowudygyny aýtdy.

Ответить