Amerikan dollarynyň täze nusgalary çykarylar

Amerikada täze dollar kagyz pullarynyň çykarylmagyna taýynlanýarlar. Bu başlangyjyň esasy maksady galp görnüşlerinden goraglylygy ýokarlandyrmakdan ybarat diýip, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Haşamlama we basma edarasynyň resmi web sahypasynda habar berendigini «orient.tm» internet neşiri ýazýar.

Köp ýyllaryň dowamynda alnyp barylan barlag işleriniň we häzirki zaman tehnologiýalarynyň netijesinde amerikan pul birligine ynamy saklamak we ykdysadyýetiň durnuklylygyny ösdürmek maksady bilen täze dizaýna kämilleşdirilen howpsuzlyk serişdeleri giriziler.

Kagyz pullaryň dizaýny köpçüligi habarly etmek we hasaplaýjylara bu ugurda tälim bermek maksady bilen çykarylmagyndan 6-8 aý öňünden mälim ediler.

Federal ätiýaçlyk edarasy dollaryň kagyz görnüşiniň dizaýnynyň täzelenmeginiň tertibini neşir etdi:

10 dollar – 2026-njy ýylda;

50 dollar – 2028-nji ýylda;

20 dollar – 2030-njy ýylda;

5 dollar – 2032-nji ýylda;

100 dollar – 2034-nji ýylda dolanyşyga giriziler.

Häzirki wagtda 1914-nji ýyldan bäri çykarylan ähli dollar görnüşleri ýörgünli hasaplanylýar.

Ответить