Amerikanyň «JPMorgan Chase & Co.» banky 2024-nji ýylyň jemi boýunça 39 million amerikan dollary möçberde iş hakyny töledi

«interfax.ru» internet neşiriniň habar bermegine görä, Amerikanyň «JPMorgan Chase & Co.» banky ýerine ýetiriji direktory Jeými Daýmona 2024-nji ýylyň jemi boýunça 39 million amerikan dollary möçberde iş hakyny töledi. Bu görkeziji bolsa 2023-nji ýylda tölenen iş hakyndan 8 göterim köpdür. Ol 2023-nji ýylda 36 millon amerikan dollary iş hakyny töläpdi.

Amerikanyň «JPMorgan Chase & Co.» bankynyň beýle sahylygy onuň geçen ýylyň jemi boýunça rekord görkezijili arassa peýda gazanmagy hem-de paýnamalarynyň 41 göterim gymmatlamagy bilen baglanyşyklydyr.

Jeými Daýmon «JPMorgan Chase & Co.» bankynda 2006-njy ýyldan bäri zähmet çekip gelýär.

Ответить