«Apple» kompaniýasy «Apple Watch» akylly sagatlaryndaky batareýanyň näsazlygy üçin 20 million dollar tölemeli edildi

«Apple Watch» akylly sagatlarynda batareýanyň çişmegi sebäpli ýüze çykan meseleler boýunça kazyýet işi tamamlandy. Netijede, «Apple» kompaniýasy 20 million dollar möçberinde töleg tölär. Emma ulanyjylara tölenjek öwez tölegleriniň möçberi örän az bolar diýip, «tmcars.info» web saýty «TechCrunch» internet neşiriniň täzeliklerine salgylanyp habar berdi.
«Apple» kompaniýasy bilen baglanyşykly bu kazyýet işi alty ýyl dowam etdi. «Apple Watch Series 1», «Apple Watch Series 2» we «Apple Watch Series 3» enjamlarynda batareýanyň çişmegi sagadyň ekranyny we beýleki böleklerini zaýalaýardy. Şol sebäpli 2019-njy ýylda ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatynyň Demirgazyk etraby boýunça Federal kazyýetine şikaýat berildi.ABŞ-da ýaşaýanlara we 24.04.2015ý. – 06.02.2024ý. aralygynda «Apple» kompaniýasynyň goldaw gullugyna bu mesele boýunça ýüz tutanlar öwez tölegini alyp bilerler. Töleg mukdary 20-50 dollar aralygynda üýtgeýär. Köp ulanyjy üçin bu pul möçberi kän bir ähmiýetli däl, şol sebäpden olar teklibi kabul etmän bilerler.«Bu ylalaşyk eýýäm satuwdan aýrylan «Apple Watch Series 1», «Apple Watch Series 2» we «Apple Watch Series 3» modelleriniň eýelerine degişli. Biz bildirilýän şikaýatlar bilen ylalaşmaýarys. Ýöne kazyýet işleriniň dowam etmeginiň öňüni almak üçin ylalaşyk baglaşdyk» diýip, «Apple» kompaniýasy beýanat berdi.Öwez tölegleriniň serişdelerini almak üçin ulanyjylar 2025-nji ýylyň 10-njy apreline çenli watchsettlement.com sahypasyna girip, arza tabşyrmaly. Töleg alnandan soň, ulanyjylar bu mesele boýunça indi «Apple» kompaniýasyna garşy şikaýat edip bilmezler.