«Apple» kompaniýasy geçen ýylyň güýzünde 124,3 milliard dollar girdeji gazandy

«Apple» kompaniýasy geçen ýylyň güýzünde 124,3 milliard dollar girdeji gazandy. Bu barada «turkmenmetbugat.gov.tm» web sahypasynyň «Biznes reklama gazeti» elektron neşirinde şu gün çap edilen «Girdejisini artdyrýar» atly makalada habar berildi.

«Apple» kompaniýasy 2024-nji ýylyň soňky çärýeginde girdejisini we arassa peýdasyny bilermenleriň garaşyşyndan hem ep-esli artdyrdy. Kompaniýanyň habar bermegine görä, soňky çärýekde «Apple» 124,3 milliard amerikan dollary girdeji gazanypdyr. Bu bolsa degişli döwrüň öňki görkezijisinden 4 göterim köpdür. Geçen çärýekde kompaniýanyň arassa peýdasy bolsa 36,33 milliard amerikan dollaryna barabar boldy. Şeýle-de bolsa kompaniýanyň satuwy geçen çärýekde Hytaýda 11 göterim pese gaçdy. Koreýa Respublikasynda bolsa, tersine, kompaniýanyň satuwy 4,4 göterim artdy. Ýeri gelende bellesek, kompaniýanyň paýnamalary geçen hepdäniň penşenbe güni 3 göterim gymmatlady.

Ответить