«Apple» kompaniýasy «iPhone 7» we «iPhone 7 Plus» smartfonlarynyň eýelerine 200–350 dollar öwez tölegini töläp başlady

«iPhone 7» we «iPhone 7 Plus» smartfonlary 2016 – 2017-nji ýyllarda uly meşhurlyga eýe bolupdy. Şol wagtlar käbir enjamlarda «Loop Disease» diýlip atlandyrylýan ses meselesi ýüze çykýardy. Şol sebäpden käbir «iPhone» eýeleri birnäçe ýyl mundan ozal «Apple» kompaniýasyna garşy toparlaýyn kazyýet işini gozgapdylar. Geçen ýyl kompaniýa bu talaplary kanagatlandyrmaga razy bolupdy. Indi bolsa şol dawa boýunça ulanyjylara öwez tölegleriniň berlip başlanandygy mälim boldy diýip, «9to5Mac» internet neşiriniň habar berendigini «tmcars.info» web saýty ýazdy.

Berilýän maglumatlara görä, «iPhone 7» we «iPhone 7 Plus» smartfonlarynyň ses meselesi ses çibiniň näsazlygy sebäpli ýüze çykýardy. Netijede, sesiň hili pese gaçýardy, şol sanda «FaceTime» arkaly jaň edilende we beýleki programmalar bilen işleşilende kynçylyklar döreýärdi.Maglumat çeşmelerine görä, toparlaýyn kazyýet işine goşulan «iPhone» eýelerine takmynan 200 dollar möçberde öwez tölegleri berilýär. Öz «iPhone» smartfonyny bejertmek üçin çykdajy eden ulanyjylar bolsa 350 dollara çenli pul alyp bilýärler.Toparlaýyn kazyýet işine goşulmagyň möhleti geçen tomusda gutardy, şonuň üçin ähli näsaz «iPhone» eýeleri öwez töleglerini alyp bilmezler. Işiň täsin tarapy, «Apple» düzgün bozmalara ýol berendigini hiç hili boýun almaýar we aýyplamalary ret edýär. Ýöne muňa garamazdan kompaniýa şikaýatçylar bilen ylalaşyk gazanyp, öwez töleglerini töleýär.

Ответить