«Apple» kompaniýasy X sosial torunda marketing işleriniň mahabat ýerleşdirip başlady

«Apple» kompaniýasy iki ýyldan gowrak wagtdan soň ilkinji gezek X sosial torunda mahabat ýerleşdirip başlady. Kompaniýa 2023-nji ýylyň noýabr aýynda platformadaky marketing işlerini togtadypdy diýip, «MacRumors» portalynyň ýazandygyny «tmcars.info» web saýty habar berdi.
«MacRumors» portalynyň bellemegine görä, X sosial torunda Safari brauzeriniň gizlinlik aýratynlyklary barada «Apple» kompaniýasynyň esasy hasabyndan paýlaşylan mahabat peýda boldy. Şeýle-de «Apple TV» hasaby hem öz akym platformasynda görkezilýän meşhur serialyň mahabatyny ýerleşdirdi.Mask 2022-nji ýylda X (öňki Twitter) sosial torunyň ýolbaşçysy boldy. Ol platformanyň moderasiýa düzgünlerini gowşadyp, iri hyzmatdaşlaryň nägileligine sebäp bolupdy. «Apple» hem «Disney», «Coca-Cola», «Sony», «IBM», «Comcast» ýaly iri amerikan kompaniýalary bilen bilelikde X-de mahabatlary togtadan kompaniýalaryň biri bolupdy. Soňra bolsa olar platformada kem-kemden ýene mahabat ýerleşdirip başladylar.