
«Apple» kompaniýasynyň häzire çenli iPhone satuwyndan gazanan girdejisi 2 trillion dollardan geçdi

«Apple» kompaniýasy 2007-nji ýylda ilkinji gezek çykandan bäri häzire çenli «iPhone» satuwyndan 2 trillion dollardan gowrak girdeji gazandy. Smartfon kompaniýanyň esasy ösüş hereketlendirijisi bolup, oňa güýçli ekoulgama öwrülmäge we dünýä bazarynda öňdebaryjy orunlary eýelemäge mümkinçilik berdi diýip, «TechGaged» habar berendigini «tmcars.info» web saýty ýazdy.
2024-nji ýylda kompaniýanyň bu esasy önüminden dünýä boýunça smartfon eýeleriniň 21 göterimini ulandy, işjeň ulanyjylaryň umumy sany bolsa 1,38 milliarda ýetdi. Geçen ýyl «iPhone» satuwy kompaniýa 201,1 milliard dollar girdeji getirdi, bu hem 2,03 trillion dollar umumy satuw görkezijisine ýetmäge mümkinçilik berdi. «iPhone» smartfonlarynyň iň ýokary satuwy 2022, 2023 we 2024-nji ýyllarda hasaba alyndy. Rekord 2022-nji ýylda, girdeji 205,5 milliard dollar bolanda goýuldy. 2023-nji we 2024-nji ýyllarda satuw 200 milliard dollar derejesinde saklandy. Bu ýyllarda kompaniýa umumy «iPhone» girdejisiniň 40 göterimden gowragyny gazandy, bu 800 milliard dollardan gowrakdyr. Kompaniýa bu döwürde 900 million töweregi gurluş satdy, bu dünýäde häzire çenli satylan smartfonlaryň, takmynan, 15 göterimine deňdir.



