«Apple» kompaniýasynyň «iPhone 16» smartfonlarynyň tanyşdyrylyşy sentýabr aýynda bolar

«Apple» kompaniýasynyň täze önümi bolan «iPhone 16» smartfonlarynyň tanyşdyrylyş dabarasy 2024-nji ýylyň 10-njy sentýabrynda geçiriler. Bu barada «nocomment.az» web saýty habar berdi.

Habar maglumatlaryna görä, täze «iPhone 16» smartfonlar üçin deslapky sargytlar 2024-nji ýylyň 13-nji sentýabrynda kabul ediler we ilkinji alyjylar öz sargytlaryny 2024-nj ýylyň 20-nji sentýabrynda alyp bilerler.

«Apple» kompaniýasy her ýylam täze önümleriniň tanyşdyrylyş dabarasyny sentýabr aýynda geçirýär. Ýadyňyzda bolsa, bu kompaniýanyň mundan öňki tanyşdyrylyş dabaralary 2023-nji ýylyň 12-nji sentýabrynda çarşenbe agşamynda, 2022-nji ýylyň 7-nji sentýabrynda çarşenbe güni, 2021-nji ýylyň 14-nji sentýabrda sişenbe güni bolupdy.

Ответить