«Apple» kompaniýasynyň işjeň gurluşlarynyň sany rekord 2,35 milliarda ýetdi

«Apple» kompaniýasynyň işjeň gurluşlarynyň sany rekord 2,35 milliarda ýetdi«Apple» kompaniýasy bütin dünýäde işleýän öz önümçiligine degişli gurluşlaryň sanynyň 2,35 mlrd birlige ýetendigini habar berdi. Bu görkeziji 2024-nji ýylyň fewral aýynda mälim edilen 2,2 mlrd görkezijiden öňe geçen täze rekorddyr diýip, «9to5mac» web saýtynda maglumat berilýändigini «tmcars.info» internet neşiri ýazýar.

Ösüş 150 mln gurluş boldy, bu 6,8% ösüşiň bolandygyny aňladýar. Şol bir wagtyň özünde, ösüş depgini geçen ýyl bilen deňeşdirilende haýallady, şol wagt işjeň gurluşlaryň sany 2023-nji ýylyň ýanwar aýyndaky 2 milliard birlikden 10 göterim artypdy.Ösüş depgininiň haýallandygyna garamazdan, kompaniýa geljege umytly garaýar. Baş müdir Tim Kuk Hytaýda täze «Apple Intelligence» emeli aň bukjasynyň işe girizilmeginiň satuwa oňyn täsir etjekdigine ynam bildirýär. Onuň aýtmagyna görä, «iPhone 16» smartfonynyň satuwy eýýäm «Apple Intelligence» emeli aň bukjasynyň işleýän ýurtlarynda «iPhone 15» smartfonynyň görkezijilerinden öňe geçdi. Täze hyzmatlar bukjasy iOS 18.4 täzelenmesi bilen birlikde aprel aýynda elýeterli bolup biler.

Ответить