
«AT&T» kompaniýasy «Reign Capital» şereketi bilen 850 million dollarlyk gozgalmaýan emläk şertnamasyna gol çekdi

«AT&T» kompaniýasy «Reign Capital» şereketi bilen 850 million dollarlyk gozgalmaýan emläk şertnamasyna gol çekdi. Bu barada «tr.investing.com» internet neşiri habar berdi.
ABŞ-nyň ähli ýerinde «AT&T» kompaniýasynyň has az ulanylan 74 sany gozgalmaýan emlägini öz içine alýan bu şertnama «Reign Capital» telekommunikasiýa şereketine 850 million dollar nagt pul berer.
Düýbi Dallasda ýerleşýän «AT&T» kompaniýasy «Reign Capital» şereketi bilen baglaşylan şertnamanyň 13 million inedördül metr elektrik beketiniň (stansiýasynyň) desgalaryny öz içine alýandygyny mälim etdi. Bu desgalar ilkibaşda mis torlary üçin uly we tagaşyksyz enjamlar üçin ulanylypdyr.
«AT&T» kompaniýasy, 2029-njy ýylyň ahyryna çenli köne mis torlarynyň köpüsini ulanyşdan çykarmagy meýilleşdirýändigi sebäpli bu ýerler zerur däl boldy.
«AT&T» kompaniýasynyň beýanatyna görä, şertnama derrew 850 million dollar nagt pul goýbermegi, şeýle hem bu emläkleri täzeden ösdürmekden geljekde girdeji paýlaşmagy üçin düzgünleri öz içine alýar.
Telekommunikasiýa ägirdi «Reign Capital» kompaniýasyna kärende töleglerini tölemegi dowam etdirer we infrastruktura girmek üçin zerur ýerlere operatiw gözegçiligi saklar.



