«Audi» kompaniýasy umumy satuwy geçen ýyl 11,8 göterim azaldy

Germaniýanyň meşhur awtoöndürijisi «Audi» kompaniýasy 2024-nji ýylda uly şowsuzlyklara sezewar boldy. Bu barada «autoreview.ru» internet neşiri habar berdi.

Maglumatlara görä, Bütin dünýäde «Audi» şereketiniň umumy satuwy 11,8 göterim azaldy. Girdejiniň peselmegi kompaniýanyň meýilnamasyny üýtgetmegine getirdi.Täze meýilnama laýyklykda, indiden beýläk «Audi» kompaniýasy has gymmatbahaly ulaglary öndürip başlar. Satuwlaryň peselmegine «Tesla», «BMW» we «Mercedes» ýaly bäsdeş kompaniýalarynyň güýçlenmegi bilen düşündirilýär. Şonuň üçin hem kompaniýa has köp girdeji getirýän ulaglara ýöriteleşer.Maglumatlara görä, «A3» ulagy indi «Audi» üçin başlangyç awtoulag bolar.

Ответить