
Aziýa bazarlarynyň görkezijileri bellige alyndy

Şu gün – 2025-nji ýylyň 28-nji ýanwary güni irden Aziýa tehnologiýa kompaniýalarynyň paýnamalary we öňdebaryjy indeksler (san görkezijiler) azalmagyny dowam etdirdi. Bu pese düşüş düýn Hytaýyň «DeepSeek» kompaniýasy tarapyndan täze emeli aň modeli çykarylandygy baradaky habarlaryň esasynda başlandy diýip, «aniq.uz» web saýty «Financial Times» neşiriniň täzeliklerine salgylanyp, habar berdi.
Neşiriň habaryna görä, ilkinji bolup ýapon kompaniýalary zelel gördi. Köp sanly tehnologiýa kompaniýasyny öz içine alýan Tokiodaky «Nikkei» şereketiniň indeksi söwda başlanan badyna 1,7 göterim pese düşdi. «SoftBank» paýnamalary 5,2 göterimden gowrak azaldy. Iki gününň içinde kompaniýanyň paýnamalary 12 göterim azaldy.
Tokioda mikroprosessorlary öndüriji we emeli aň üçin maglumat merkezlerini dörediji «Disco», «Advantest» we «Furukawa Electric» kompaniýalarynyň paýnamalary hem azaldy.
«DeepSeek» çat-boty baradaky düýnki habardan soň, «Disco» kompaniýasynyň paýnamalary 3,2 göterim, «Furukawa Electric» kompaniýasynyň paýnamalary bolsa 8 göterim azaldy. «Advantest» kompaniýasynyň paýnamalary Tokiodaky söwdalar başlanan badyna 10 göterim pese düşdi.
Şol bir wagtyň özünde Gonkongda Hytaý tehnologiýa kompaniýalarynyň paýnamalary ýokarlanýar. Muňa garamazdan, bu kampaniýalaryň arasyndan diňe, «SMIC» çip öndüriji şereketi paýnamalarynyň 0,4 göterim azalandygy sebäpli ýapyldy.
Aý senenamasy boýunça Täze ýyl baýramçylygyny belleýän Günorta Koreýada we Taýwanda bazarlar ýapyldy.



