Baffetiň maýa goýum strategiýasy näme sebäpden bäsdeşsiz?

Baffetiň maýa goýum strategiýasy näme sebäpden bäsdeşsiz?

Dünýäniň iň meşhur maýadarlaryndan biri bolan Warren Baffet diňe bir «Berkshire Hathaway» kompaniýasynyň baş direktory hökmünde däl, eýsem şol bir wagtyň özünde maýa goýum dünýäsinde amala aşyran ýiti gözlegleri we batyrgaý öňdengörüjilikli pikir-garaýyşlary rowaýata öwrülen meşhur işewürleriň biridir.

1965-nji ýyldan 2024-nji ýyla çenli dowam eden işewürlik hünärinde Baffet maýa bazarlarynyň akymyna düşünýän az sanly adamlardan biri hökmünde tanalýar.

2007-nji ýylda Baffet maýa goýum dünýäsini gaty geň galdyryjy bir pikir aýtdy: Bir S&P 500 indeks gaznasyna maýa goýup, islendik bir girdeji gaznasynyň dolandyryjysyndan has ýokary girdeji gazanyp boljakdygyny aýtdy. Bu pikirini tassyklamak üçin 1 million dollarlyk jedele-de razydygyny mälim etdi.

Bu jedeli kabul eden ýeke-täk adam, girdeji gaznasynyň dolandyryjysy Ted Seides boldy. Ýöne, entek 10 ýyl geçmänkä, Seides bu jedelden ýüz öwürdi we Baffetiň mamladygyny boýun aldy. Baffet bolsa, şondan bäri ýönekeý maýadarlar üçin iň oňat saýlawyň S&P 500 indeks gaznalaryna maýa goýmakdygyny yzygiderli nygtaýar. Onda, Baffetiň tahmynynyň arkasynda ýatan sebäpleri näme?

Ýetilmesi çetin üstünlik

Baffetiň S&P 500-i maslahat bermeginiň iň möhüm sebäplerinden biri, gaty az maýa goýujynyň bu san görkezijisinden (indeksden) geçip bilmek başarnygynyň bolmagy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Ýokary girdeji bilen tanalýan käbir gazna dolandyryjylary bar bolsa-da, gazna tölegleri we beýleki çykdajylar köplenç aýrybaşga maýadarlaryň girdejilerini indeksiň aşagynda galdyrýar.

«Visual Capitalist» tarapyndan 2001-nji ýyldan bäri toplanan maglumatlara görä, maýa goýum gaznalarynyň aglaba köplügi S&P 500-iň üstünligine ýetip bilmeýär. Derňewler, hatda hünäri gazna dolandyryjylarynyň hem köplenç indeksden yza galýandygyny görkezýär. Ýagdaý şeýleka, aýrybaşga maýadarlaryň indeksi geçme ähtimallygy has-da pes bolup görünýär.

Az çykdajy, ýokary girdeji

Baffet gazna dolandyryjylaryny gönüden-göni tankytlamakdan gaça dursa-da, talap etdikleri ýokary töleglere garşy dogry garaýyşda bolýar. Esasanam hususy paýnamalar we girdeji gaznalarynyň hakyky girdejileri bu tölegler sebäpli köplenç pes bolýar.

Beýleki tarapdan «Vanguard S&P 500 Index Fund» ýaly önümleriň ýyllyk çykdajysy  0.03 göterime barabar. Bu, 1 million dollarlyk bir pul bukjada ýyllyk çykdajy 300 dollar diýmekdir. Şeýle pes maýa goýum çykdajylary uzak möhletleýin girdejilerde ep-esli üýtgeşiklik döredýär.

Köp ugurly, ýöne deňagramly pul bukjasy

S&P 500 Indeks gaznasyna maýa goýmak, ABŞ-nyň biržalarynyň 500 sany iri kompaniýasynyň paýnamalarynyň paýdary bolmak diýmekdir. Bu köp ugurlylyk aýratyn paýnama töwekgelçiligini azaldýar we maýadarlara has durnukly ýol kartasyny hödürleýär. Şeýle-de bolsa, indeks gaznalarynda hem göz öňünde tutulmaly nokatlar bar. S&P 500, bazar bahasy agramly indeks bolany üçin ilkinji 10 paýnama tutuş indeksiň 37 göterimini emele getirýär. Bu ýagdaý indeksiň üstünligini uly ölçegde birnäçe  paýnama garaşly edýär.

[1].


[1] https://www.forbes.com.tr/makale/buffett-in-yatirim-stratejisi-neden-rakipsiz

Ответить