«Bagtyýar gurluşyk» hojalyk jemgyýeti: «Ýumurtgalary täzeligine ýurdumyzyň söwda nokatlaryna ugradýarys»

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Bagtyýar gurluşyk» hojalyk jemgyýeti Daşoguz welaýatynyň Şabat etrabynda ýerleşmek bilen, oňa degişli ýumurtga öndürmäge niýetlenen guşçulyk toplumy hereket edýär. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň şu günlerinde bu ýerde işler gyzgalaňly häsiýete eýe bolup, işçi-hünärmenleriň 20-ä golaýy tutanýerli zähmet çekýärler. Olaryň yhlasy bilen ýumurtgalyk towuklara göwnejaý ideg edilýär. Bu barada «Rysgal» gazetiniň şu günki – 2025-nji ýylyň 13-nji ýanwaryndaky №2 (749) belgili sanynyň 4-nji sahypasynda neşir edilen «Işler guramaçylykly ýola goýlan» atly makalada habar berildi.

Esasy bellemeli zat, toplum Türkiýe Respublikasynyň iň öňdebaryjy, döwrebap we kämil tehnologiýaly enjamlary bilen enjamlaşdyrylyp, bu ýerde towuklary iýmlemek hem-de beýleki birnäçe işler awtomatik usulda alnyp barylýar. Gerekli ýagtylyk, ýylylyk derejeleri bellenen aralykda saklanylýar. Toplumyň önümçilik kuwwaty 100 müň towugy saklamaga mümkinçilik berip, ol doly güýjünde işledilýär.

— Häzirki wagtda toplumymyzda 100 müňe golaý ýumurtga ugurly enelik towuklar idedilip, olardan her günde 85 — 90 müňe golaý önüm alýarys. Bu ýumurtgalary täzeligine ýurdumyzyň söwda nokatlaryna ugradýarys. Ekologiýa taýdan arassa önümlerimiziň geçginli bolmagy, hyrydarlygyň barha artmagy bizi täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar. Iş usulymyz we tertibimiz barada aýtsam, hususy taraplar bilen baglaşan şertnamamyza görä, toplumymyza towuklaryň 90 günlükkä, ýagny 13-nji hepdede alynýandygyny bellemek gerek. Olar 18-19 hepdelikde ýumurtga bermäge başlaýarlar. Ilkibaşda 0,95-1 kilogram agram derejesinde bolan towuklar bary-ýogy 30 — 35 günüň dowamynda degişli agram kadalaryny alyp, dowamly önüm bermäge taýýar bolýarlar — diýip, «Bagtyýar gurluşyk» hojalyk jemgyýetiniň hünärmeni gürrüň berýär.

Esasy bellemeli zat, bu döwrebap guşçulyk toplumynda towuklaryň iýmine aýratyn üns berilýär. Hususan-da, ýörite iým taýýarlaýyş nokady bolup, ol ýerde mekgejöwen, arpa ýaly ýerli önümler bilen daşary ýurtlardan getirilen önümler garylyp, towuklar üçin ýokumly iým öndürilýär. Munuň özi hojalyk jemgyýetiniň tejribeli hünärmenlerine alyp barýan işlerinde ýokary görkezijileri gazanmaga mümkinçilik berýän esasy şertleriň biridir.

Ответить