«Balkandokma» geçen ýyl 118 million manatlyga barabar umumy girdeji gazandy.

Balkan welaýatynyň Gyzylarbat şäherindäki «Balkandokma» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti geçen ýyl 118 million manatlyga barabar umumy girdeji gazandy. Bu barada «Biznes reklama» gazetiniň №03 (1362) belgili şu günki sanynyň 5-nji sahypasynda çap edilen «135 müň manatlyga golaý dokma önümleri öndürildi» atly makalada habar berildi.

Habarda bellenilişine görä, 2024-nji ýylda toplumda 4 müň 210 tonna ýokary hilli ýüplükler taýýarlanyp, pul hasabynda bitirilen işiň 135 million manatlyga ýetendigi aýratyn bellärliklidir. Bu görkeziji meýilnama garanyňda, iki esse köpdür.

Geçen ýyl bu ýerden ýurduň dokma toplumynyň kärhanalaryna 1 müň 650 tonnadan artyk ýokary hilli ýüplükler ugradylyp, 28 million manatlykdan gowrak iş bitirilipdir diýlip, türkmenmetbugatynda habar berildi.

Gürrüňi edilýän ýylda sarp edijilere ugradylan ýüplükleriň umumy möçberi 5 müň 715 tonna golaýlap, onuň 64 tonnadan gowragy daşarky bazarlaryň sarp edijileri tarapyndan satyn alyndy. Şunda umumy girdeji 118 million manatlyga barabar bolup, munuň özi 2023-nji ýyldakydan üç essä golaý köpdür.

Jemi 20 müň inedördül metr meýdanda ýerleşýän, Italiýanyň «Savio» we «Marzoli» kompaniýalarynyň iň kämil enjamlarydyr tilsimatlary bilen birkemsiz enjamlaşdyrylan toplum ýurduň dokma senagatynyň öňdebaryjy kärhanalarynyň hataryna ynamly goşuldy.

Ответить