«Bank of New York Mellon» bankynyň 2024-nji ýyldaky girdejisi rekord derejä – 18,6 milliard amerikan dollaryna barabar boldy

«Bank of New York Mellon» bankynyň 2024-nji ýyldaky girdejisi rekord derejä – 18,6 milliard amerikan dollaryna barabar boldy. Bu barada «interfax.ru» internet neşiri habar berdi.

Internet neşiriň maglumatlaryna görä, 2023-nji ýylda 3,067 milliard amerikan dollary möçberinde arassa peýda gazanan bank geçen ýylyň jemi boýunça bu görkezijini 4,336 milliard amerikan dollaryna ýetirdi.

2024-nji ýylyň dördünji çärýeginde bolsa amerikan bankynyň girdejisi 11 göterim ýokarlanyp, 4,867 milliard amerikan dollaryna, arassa peýdasy bolsa 1,13 milliard amerikan dollaryna ýetdi.

Geçen çärýekde «Bank of New York Mellon» bankynyň göterim töleglerden gazanan girdejisi 1,194 milliard amerikan dollaryna deň boldy. Banka komissiýalardan gelen girdeji bolsa 3,653 milliard amerikan dollaryna çenli köpeldi.

Ответить