Bendar-Abbas portuna gatnaw üçin amatly nyrh şertleri ara alnyp maslahatlaşyldy

Russiýanyň, Gazagystanyň, Türkmenistanyň we Eýranyň Bendar-Abbas portuna gatnaw üçin amatly nyrh şertleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada «-turkmenistan.com» internet neşiri habar berdi.
Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Russiýanyň we Eýranyň demirýol edaralarynyň wekilleri Gazagystanyň Almaty şäherinde duşuşdylar we taraplar Demirgazyk-Günorta ugry boýunça ýük daşalmagynyň möçberini artdyrmak babatda pikir .Almaty şäherinde 4 ýurduň – Türkmenistanyň “Türkmendemirýollary” agentliginiň, Gazagystanyň “Gazagystan temir žoly” agentliginiň, Russiýanyň “Rusdemirýollary” agentliginiň hem-de Eýran Yslam Respublikasynyň degişli edarasynyň wekilleriniň 2 günlük duşuşygy geçirildi.Ara alyp maslahatlaşmagyň dowamynda Gazagystanyň çäginden Bolaşak serhet stansiýasyndan ýük daşamagyň netijeleri jemlendi. 2024-nji ýylda bu ugurdaky ýük gatnawynyň möçberi 1,6 million tonna ýük boldy.Demirgazyk-Günorta halkara ulag geçelgesiniň özüne çekijiligini ýokarlandyrmak meselelerine aýratyn üns berildi. Duşuşykda Russiýanyň, Gazagystanyň, Türkmenistanyň we Eýranyň Bendar-Abbas portuna gatnaw üçin amatly nyrh şertleri ara alnyp maslahatlaşyldy.Duşuşygyň jemleri boýunça taraplar bu ugur boýunça ýük gatnawynyň möçberini artdyrmaga we özara hyzmatdaşlygy has-da berkitmäge taýýardyklaryny mälim etdiler.Duşuşygyň ahyrynda gazanylan şertnamalar barada teswirnama gol çekildi.