«Berk önüm» geljekde ýelmeşýän gatlakly polipropilen lentalaryň akrillik ýelimini öndürer

«Berk önüm» hususy kärhanasy geljekde ýelmeşýän gatlakly polipropilen lentalaryň akrillik ýelimini hem öndürmegi meýilleşdirýär. Bu barada «Rysgal» gazetiniň şu günki – 2025-nji ýylyň 27-nji ýanwaryndaky №4 (751) belgili sanynyň 5-nji sahypasynda çap edilen  «Eksport artdyrylýar» atly makalada habar berildi.

Ýelmeşýän gatlakly polipropilen lentalaryň akrillik ýeliminiň önümçiliginiň ýola goýulmagynyň kärhananyň önümçilik kuwwatyny düýpli pugtalandyrjakdygy şübhesizdir. Munuň türkmen hususyýetçileri tarapyndan hödürlenýän halkara bazarynda bäsdeşlige ukyply bolan hem-de importyň ornuny tutýan önümleriň üstüni ýetirjekdigi diýseň buýsandyryjydyr.

Ýelmeşýän gatlakly polipropilen lentalaryň daşary bazarda mynasyp ornuny tapandygyny hem tassyklamak gerek. Çünki kärhana ýelim lentalary Türkiýe, Gazagystan we Gyrgyz Respublikalaryna eksport edilipdi. Geljekde şeýle önümleriň eksport geografiýasyny has-da giňeltmek meýilleşdirilýär.

2014-nji ýyldan bäri ýelmeşýän gatlakly polipropilen lentalaryň önümçiligi bilen meşgullanýan «Berk önüm» hususy kärhanasy gysga döwrüň içinde müşderileriň ygtybarly hyzmatdaşyna öwrüldi. Önümçiligini Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynda alyp barýan kärhananyň 10 ýyllyk tejribesi onuň işini tapgyrlaýyn esasda kämilleşdirmegine mümkinçilik döretdi. Hususy kärhana bu ugurda ähmiýetli tapgyrlaryň birnäçesini ynamly külterledi. Ýelmeşýän gatlakly polipropilen lentalaryň dürli ölçegdäki görnüşleriniň önümçiligi boýunça uly üstünlikler gazanyldy. Bu önümçilikde öz işinden ýokary derejede baş çykarýan işçi-hünärmenleriň onlarçasy zähmet çekýär. Şunlukda, kärhananyň önümleriniň hili daşary ýurtlardan getirilýän şu görnüşdäki lentalaryňkydan has ýokary bolup, olar uly islegden peýdalanýar.

Hususy kärhananyň geçen ýyl açylan toplumy poliefir süýümli önümleri öndürmek üçin niýetlenip, onuň doly güýjünde işläp ugramagy ildeşlerimize iş orunlarynyň ençemesiniň hödürlenmegine şert döreder.

Hytaý Halk Respublikasynyň döwrebap tehnologiýalary bilen üpjün edilen önümçilik kärhanasynda her gün ýelmeşýän gatlakly polipropilen lentalaryň 1000-e golaýy öndürilýär. Bu ýerde şeýle önümleriň uly hem-de kiçi görnüşleri taýýarlanylýar. Ini 12 millimetrden 500 millimetre, uzynlygy 5-den 500 metre çenli ölçeglerde hödürlenýän önümler dürli maksatlar üçin ulanylyp bilner. Olaryň önümçiligi sargytlar esasynda alnyp barylýar.

— Bu önümçilik üçin zerur çig mal bolan polipropilen önümi Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyndan alynýar. Ýerli çig maldan taýýarlaýan önümimiz hiliniň ýokary derejesi bilen tapawutlanýar. Elbetde, geljekde önümçiligimizi has-da kämilleşdirmegi göz öňünde tutýarys. Ýurdumyzda munuň üçin ähli şert-mümkinçilikleriň bardygyny bellemek gerek. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary esasynda türkmen telekeçileriniň we senagatçylarynyň sazlaşykly işlemegi boýunça amal edilen ädimler hususyýetçileriň öňünde aýdyň menzilleri açýar. Biz munuň üçin türkmen halkynyň Milli Liderine hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza sagbolsun aýdýarys — diýip, «Berk önüm» hususy kärhanasynyň direktory Pälwan Babaýew belleýär.

Ответить