Beýik Britaniýaly şazadalaryň iň baýynyň kimdigi belli boldy

Beýik Britaniýaly şazadalaryň iň baýynyň kimdigi belli boldy. Bu barada «jeyhun.news» internet neşiri habar berdi.

Şazada Uilýam Beýik Britaniýanyň şa maşgalasynyň iň baý agzasy boldy. Times neşiriniň maglumatlaryna görä, patyşa Karlyň uly oglunyň baýlygy, takmynan, 1,05 milliard funt sterlinge barabar.

Şazadanyň esasy girdeji çeşmesi 1,3 milliard funt bilen bahalandyrylýan Kornuoll
gersoglygydyr. Bu emläk oňa her ýyl 24 million funt sterling möçberinde girdeji getirýär we ony şazada salgyt tölemezden ulanyp bilýär. Mundan başga-da, Uilýam ejesi, şa gyzy Dianadan, takmynan, 10 million funt we garry enesi, şa aýaly-eneden 7 million funt miras aldy.

Patyşa Karlyň baýlygy 900 million funt sterlinge barabar. Ol 2023-nji we 2024-nji ýyllardaky ýyllyk girdejisi 27 million funt bolan Lankaster gersoglygyny dolandyrýar.

Şa maşgalasynyň beýleki agzalary Uilýamdan baýlygy boýunça esli yza galýar. Patyşa Karlyň kiçi uýasy – şa gyzy Annanyň aktiwleri 50 million funta barabar.
Şazada Garri bilen Megan Marklyň bilelikdäki baýlygy «Netflix», «Spotify» we kitap neşirýatlary bilen uly şertnamalara garamazdan, takmynan, 20 million funta ýetýär.

Ответить