Bill Geýts: «Milliarder bolanymdan soň hem özümi üstünlikli ýa ynamly duýup bilmedim»

Dünýäniň iň baý adamlarynyň biri bolan Bill Geýts milliardlarça dollarynyň bardygyna we iň uly IT kompaniýalarynyň biriniň ýolbaşçysydygyna garamazdan, 42 ýaşyna çenli özüni üstünlikli we ynamly duýmandygyny aýtdy. Bu barada «Forbes» žurnalyna salgylanylyp, «tmcars.info» web saýtynda bellenilýär.

Öz memuarlarynda telekeçi ilkinji gezek 1998-nji ýylda, «biziň birnäçe ýalňyşlyk goýberip biljekdigimize we şonda-da aýak üstünde durup biljekdigimize» düşünenden soň, ilkinji gezek özüne bolan ynamy duýandygyny belleýär. Öň ol bir ýalňyşlyk kompaniýanyň synmagyna getirer gorkusy bilen ýaşaýardy.Birdenem, ol korporasiýanyň şeýle bir uly we baý bolandygyna, hatda birnäçe şowsuzlygyň hem onuň ornuny sarsdyryp bilmejekdigine düşündi.«Şol wagta çenli ölüm bilen aramyzda ýekeje ýalňyşlyk bar diýip pikir edýärdim. Meniň ýasawym şeýledi» – diýip, Geýts paýlaşýar.Geýts üstünlige ýetenden soň günde 12 sagat işläp başlandygyny ýazýar. Ol bazaryň öňdebaryjylarynyň arasyndaky ornuny ýitirmekden gorkup, kompaniýada diňe bir operasion we dolandyryş işi bilen däl, eýsem kodlamak bilen meşgullanýar. Bu çemeleşme «Microsoft» kompaniýasyna 90-njy ýyllarda 250 milliard dollardan gowrak kapitalizasiýa bilen dünýäniň iň gymmat jemgyýetçilik kompaniýasyna öwrülmäge mümkinçilik berýär. Şol wagt Geýtsiň baýlygy 58 milliard dollar bilen bahalandyrylýardy we ol dünýäniň iň baý adamy hasaplanýardy.

Ответить