«Binance» kripto biržasy indi Özbegistanda resmi taýdan işleýär

Geljegiň taslamalary milli agentligi we «Binance» kripto biržasy Özbegistanyň çäginde müşderlere hyzmat görkeziş babatda ylalaşyk gazandy. Bu barada «aniq.uz» internet neşiri habar berdi.
«Binance» kripto biržasy öz işini kanunçylyga laýyklykda ýerli «CoinPay» kompaniýasynyň üsti bilen amala aşyrar.
Ulgam integrasiýa tamamlanandan soň işe giriziler we bu barada «CoinPay» kompaniýasynyň hem-de «Binance» kripto biržasynyň resmi çeşmelerinde yglan ediler.