«Binance» kriptobiržasy Özbegistanda resmi taýdan işe başlady

«Binance» kriptobiržasy Özbegistanda resmi taýdan işe başlady. Bu barada «aniq.uz» web saýty «Coinpay» metbugat gullugynyň täzeliklerine salgylanyp, habar berdi.

Bu hyzmatyň işe girizilmegi, Özbegistanyň Geljegi uly taslamalar milli agentliginiň goldawy we «Coinpay» bilen «Binance» arasyndaky hyzmatdaşlygyň netijesinde Özbegistan Respublikasynyň kanunçylygyna doly laýyklykda amala aşyryldy.

Indi ulanyjylar kripto-aktiwler bilen howpsuz we amatly amallary amala aşyrmak, milli walýutada bank kartlary we milli töleg ulgamlary arkaly serişdeleri goýup we yzyna almak mümkinçiligine eýedir.

Kriptobirža Özbegistanda işlemek üçin 2025-nji ýylyň 15-nji ýanwar güni rugsat aldy.

Ýeri gelende aýtsak, 2024-nji ýylyň ýanwar aýynda Özbegistanyň Geljegi uly taslamalar milli agentligi tarapyndan «Binance» kriptobiržasyna Özbegistanyň kanunçylygyny, hususan-da, kripto-aktiwleriň dolanyşygy hakyndaky kanunynyň talaplaryny bozandygy üçin jerime salmak kararyna gelindi. Şondan soň degişli dawa arzasy  Daşkent şäher ykdysady kazyýetine iberildi.

2024-nji ýylyň 26-njy martyndan 7-nji iýunyna çenli jogapkär («Binance» kriptobiržasy) wekiliň gatnaşmagynda dowam eden kazyýet işiniň netijesine görä, 300 Esasy hasaplama mukdaryna deň bolan jerimäni Özbegistanyň býudjetine bellenen tertipde tölemek hakynda karar kabul etdi.

«Binance» kriptobiržasy kazyýetiň ähli talaplaryny ýerine ýetirdi hem-de jerimäni kanunçylykda bellenen tertipde Özbegistanyň döwlet býudjetine doly töledi.

Ответить