«BlackRock»-yň «spot Bitcoin» birža pul goýumy gaznasy taryhda iň uly başarnyk görkezen ETF boldy

«BlackRock»-yň «iShares» bölümi dünýäde 1400-den gowrak birža pul goýumy gaznasyny işe girizdi, emma hiç biri «spot Bitcoin» gaznasy, «iShares Bitcoin Trust» ýaly başarnyk görkezmedi. Bu barada «foreks.com» internet neşiri habar berdi.
«iShares Bitcoin Trust lansman» diýlip atlandyrylan 2024-nji ýylda pudak rekordlaryny täzeledi. Diňe 11 aýyň içinde 50 milliard dollardan gowrak baýlygy bolan ägirde öwrüldi.
«Strategas Securities»-de ETF we tehniki strategiýasynyň dolandyryjy müdiri Todd Sohn, «IBIT»-iň ululygynyň, köpüsi ýigrimi ýyldan gowrak wagt bäri bazarda hereket eden 50-den agdyk Ýewropa bazary esasy ETF-iň dolandyryşyndaky umumy işjeňlere (aktiwlere) deňdigini mälim etdi.
«The ETF Store» maslahat beriş firmasynyň prezidenti Nate Geraji muny «ETF taryhynyň iň uly başlangyjy» diýip atlandyrdy.