«BUGATTI» – dünýä bazarynyň örän ýyndam we iň gymmat awtoulagy

«BUGATTI» awtoulagy – dünýä bazarynyň örän ýyndam we iň gymmat awtoulagydyr. Bu barada «turkmenmetbugat.gov.tm» elektron neşirinde şu gün çap edilen « Iň gymmat awtoulagyň taryhy» atly makalada habar berildi.
Awtoulag dünýäsine ser salsak, özüniň ýyndamlygy we gymmatbahalydygy bilen dünýäde ilkinji ýerde durýan «BUGATTI» awtoulagy 1909-njy ýylda Etoro Bugatti tarapyndan döredilýär. Etoro Bugatti şol wagt on ýedi ýaşly oglandygyna garamazdan, bu ýyndam awtoulagyň dizaýnyny çyzýar. «Bugatti» awtoulagynyň dünýä belli «Bugatti Veyron» we «Bugatti Chiron» atly 2 sany esasy modelleri bar. Bu awtoulagyň ýyndamlygyny subut edýän maglumatlary belläp geçeliň: «Bugatti Veyron» modeliniň iň ýokary tizligi sagatda 400 km, şeýle-de «Bugatti Chiron» modeliniň bolsa iň ýokary we geň galdyryjy tizligi sagatda 490 km deňdir.
«Bugatti Chiron» awtoulagynyň materialy uglerod süýüminden sünnälenip ýasalýar. Bary-ýogy 2,5 sekundyň içinde tizligini sagatda 100 km çenli ýetirip bilýär. Bu ýokary tizlige awtoulagyň tigirleri nädip çydaýarka? «Bugatti Chiron» awtoulagynyň gymmatbahaly tigirleri «BICHTEN» kompaniýasy tarapyndan öndürilýär. Bu tigirleriň bahasy 42 müň amerikan dollaryna barabar. Bu awtoulag kompaniýanyň işgärleri tarapyndan 60 günüň dowamynda doly ýagdaýda el bilen düzülýär. Daşynyň reňki barada aýdanymyzda, 2 hepde wagtyň dowamynda 8 gat reňk sepilýär. Umuman, «BUGATTI» awtoulagy ýönekeý bir awtoulag bolman, eýsem, bir sungat eseridir.