«BUIG» TÜRKMEN BAZARYNDA ÖZ ORNUNY PUGTALANDYRÝAR

«Buig» kompaniýasy geljegi uly türkmen bazarynda öz ornuny pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýär. Bu barada «turkmenmetbugat.gov.tm» elektron neşirinde şu gün çap edilen adybir makalada habar berildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Monako Knýazlygyna saparynyň çäklerinde «Buig» kompaniýasynyň ýolbaşçysy Marten Buig bilen duşuşdy. Işewür duşuşmaga wagt tapandygy üçin Gahryman Arkadagymyza hoşallyk bildirip, Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmegiň hem-de amala aşyrylýan giň gerimli taslamalary, ilkinji nobatda, ak mermerli Aşgabadyň binagärlik keşbini özgertmäge gönükdirilen taslamalary durmuşa geçirmäge gatnaşmagyň öz ýolbaşçylyk edýän kompaniýasy üçin uly hormatdygyny nygtady.

Gahryman Arkadagymyz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, döwlet Baştutanymyzyň Marten Buige salamyny ýetirdi we iri daşary ýurt kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ýurdumyzyň daşary ykdysady strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biridigini belledi. Hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljekki mümkinçilikleri barada pikir alyşmalaryň dowamynda Marten Buig ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynda Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen amala aşyrylan dünýä ähmiýetli taslamalarda hemişe türkmen halkynyň Milli Lideriniň gymmatly maslahatlaryndan, tekliplerinden ugur alynýandygyny belledi we kompaniýanyň geljegi uly türkmen bazarynda mundan beýläk-de öz ornuny pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.

Gahryman Arkadagymyz fransuz kompaniýasynyň ýurdumyzda durmuşa geçirýän işlerine ýokary baha berip, Türkmenistanyň hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga we sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy boýunça gyzyklanma bildirýändigini hem-de «Buig» kompaniýasynyň anyk tekliplerine seretmäge taýýardygyny aýtdy.

Duşuşygyň ahyrynda işewür kompaniýa bildirilýän uly ynam üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi we «Buig» kompaniýasynyň geljekde hem öz üstüne alan hyzmatdaşlyk borçnamalaryna jogapkärli çemeleşjekdigine, taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ugrunda ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

Ответить