«Capital Economics»: ABŞ-nyň biržasy 2025-nji ýylda 20 göterimden gowrak girdeji gazanyp biler

«foreks.com» internet neşiriniň «Capital Economics» strategleriniň pikirine salgylanyp, habar bermegine görä, ABŞ-nyň biržasy 2025-nji ýylda yzly-yzyna üçünji  gezek 20 göterimden gowrak girdeji gazanyp biler.

Bu çaklama dogry bolup çyksa, birža taryhynda üç ýyllap yzly-yzyna bu uly möçberdäki gazanjy gazanan ikinji birža bolar. Birža iň soňky gezek 1990-njy ýyllaryň ahyrynlarynda 20 göterimden gowrak girdeji gazandy; S&P 500 1997-nji ýylda 31 göterim, 1998-nji ýylda 27 göterim we 1999-njy ýylda 20 göterim gazandy.

S&P 500 2023-nji ýylda takmynan 24 göterim, 2024-nji ýylda 23 göterim girdeýji gazandy.

«Capital Economics»-iň tejribeli bazar ykdysatçysy Diana Iowanel: «Emeli aňa bolan höwesiň, esasan-da has ýokary bahalandyrmalar arkaly ABŞ-nyň uly tehnologiýa paýnamalarynyň nyrhlaryny has-da artdyrjagyna we girdejileriň biržanyň üsti bilen ýokarlanjagyna ynanýarys» – diýip belledi.

Iowanel, ABŞ-nyň ykdysadyýetiniň 2025-nji ýylda esasy ösen ykdysadyýetlerden öňe geçmegini dowam etdirmelidigini, munuň bolsa kärhanalaryň girdejilerini ýokarlandyrmaga kömek etjekdigini aýtdy. Donald Tramyň ikinji möhletdäki Prezidentlik döwründe teklip edilýän söwda syýasaty sebäpli ABŞ-nyň biržasynyň halkara bazarlaryna garanyňda has özüne çekiji boljakdygyny nygtady.

Ответить