Рубрика Dünýäde

Türk kompaniýalary geçen ýyl Türkmenistanda 216 million dollarlyk potratçylyk taslamalaryny aldylar

2024-nji ýylda türk kompaniýalary Türkmenistanda bahasy 216 million dollar bolan potratçylyk taslamalaryny aldylar. Bu barada Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçisi Ahmet Demirok özüniň rezidensiýasynda çarşenbe güni bolan metbugat maslahatynda mälim etdi diýip, «business.com.tm» internet neşiri ýazýar. Häzirki wagtda türk işewürleriniň gatnaşmagynda Türkmenistanda…

Читать далее

Şu gün Türkmenistanyň birža söwdalarynda barşynda jemi 3945000,00 manada deň bolan 1 geleşik baglaşyldy

Şu gün Türkmenistanyň birža söwdalarynda barşynda jemi 3945000,00 manada deň bolan 1 geleşik baglaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň resmi web sahypasynda şu gün – 2025-nji ýylyň 17-nji fewralynda çap edilen «Duşenbe güni, birža söwdalarynda ýeňil senagatynyň önümleri…

Читать далее

TDHÇMB-nyň söwdalarynda geçen hepdedäki geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 7 million 970 müň dollaryndan gowrak boldy

TDHÇMB-nyň söwdalarynda geçen hepdedäki geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 7 million 970 müň dollaryndan gowrak boldy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazetinde habar berildi.Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 12-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Owganystanyň işewür…

Читать далее

Ýaponiýada «Expo 2025» Bütindünýä sergisine taýýarlyk görülýär

Ýaponiýanyň Osaka şäherinde şu ýylyň 13-nji aprelinden 13-nji oktýabry aralygynda «Expo 2025» Bütindünýä sergisi geçiriler. Bu barada «Zaman Türkmenistan» gazetiniň «zamanturkmenistan.com.tm» web sahypasynda habar berildi. Osaka aýlagynda emeli gurlan Ýumesima adasy «Expo 2025» Bütindünýä sergisiniň geçiriljek ýeri hökmünde saýlandy. Ýapon…

Читать далее

«Apple» kompaniýasy X sosial torunda marketing işleriniň mahabat ýerleşdirip başlady

«Apple» kompaniýasy iki ýyldan gowrak wagtdan soň ilkinji gezek X sosial torunda mahabat ýerleşdirip başlady. Kompaniýa 2023-nji ýylyň noýabr aýynda platformadaky marketing işlerini togtadypdy diýip, «MacRumors» portalynyň ýazandygyny «tmcars.info» web saýty habar berdi. «MacRumors» portalynyň bellemegine görä, X sosial torunda…

Читать далее

«Sony» kompaniýasy satuwlaryň ep-esli ýokarlandygyny habar berdi

«Sony» kompaniýasy 2024-nji maliýe ýylynyň üçünji çärýeginde (31-nji dekabrda tamamlanan döwür) satuwlaryň ep-esli ýokarlandygyny habar berdi. Şol sebäpden kompaniýa geljekdäki ýyllyk peýdasy we girdejisi baradaky çaklamalaryny has hem ýokarlandyrdy. Sony ähli esasy görkezijiler boýunça öňünden çaklanan netijelerden has ýokary derejelere…

Читать далее

«PUBG» oýny 2024-nji ýylda rekord derejede 689 million dollar girdeji gazandy

«PUBG» oýny 2024-nji ýylda maliýe taýdan ajaýyp netijeleri görkezdi. «Krafton» kompaniýasynyň maliýe hasabatyna görä, ýylyň dowamynda umumy girdeji 689 million dollar boldy. Geçen ýyl bilen deňeşdirilende kompaniýanyň girdejisi 41,8 göterim artdy. Bu sanlar oýnuň taryhyndaky iň ýokary görkezijilerdir diýip, «Business…

Читать далее

«Meta» kompaniýasy «FuriosaAI» şereketini satyn almagy meýilleşdirýär

«Meta» kompaniýasy emeli aň ulgamlary üçin serwer infrastrukturasyny güýçlendirmek maksady bilen, düýbi Günorta Koreýada ýerleşýän we emeli aň tizlendirijileri öndürýän «FuriosaAI» kompaniýasyny satyn almak boýunça gepleşikleri geçirýär. Bu barada «TechCrunch» neşiri habar berendigini «tmcars.info» web saýty ýazýar. «Samsung» we «AMD»…

Читать далее

Hindistanly milliarder Ambaniniň maşgalasy Aziýada iň baý maşgala boldy

«tmcars.info» web saýtynyň habar bermegine görä, Hindistanly milliarder Mukeş Ambaniniň maşgalasy Aziýanyň iň baý 20 maşgalasynyň sanawynda birinji orny eýeledi. Sanaw «Bloomberg» agentligi tarapyndan hödürlendi we oňa Hindistandan, Taýlanddan, Hytaýdan, Indoneziýadan, Malaýziýadan we beýleki ýurtlardan iň barly adamlar girdi.Hindistanda iň…

Читать далее

Türkmen telekeçileri Özbegistanda işewürlik çäresine gatnaşýarlar

Türkmenistanly telekeçiler Özbegistanda kiçi we orta işewürligiň wekilleri üçin guralýan işewürlik çäresine gatnaşýarlar. 2025-nji ýylyň 15 – 22-nji fewralynda Daşkent şäherinde geçirilýän çäre işewürlik hyzmatdaşlygyna ýardam bermäge, tejribe alyşmaga we täze hyzmatdaşlary tapmaga gönükdirilendir diýip, Türkmenistanyň resmi metbugatynyň şenbe güni habar berendigini «business.com.tm»…

Читать далее